Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşy jins toplumynyň resmi saýty döredildi

18:1315.07.2020
0
34052

«Gap-Türkmen» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenbaşy jins toplumynyň resmi internet saýty döredildi. Türkmenistanyň dokma senagaty pudagynyň iň iri kärhanalarynyň biri bolan bu toplumyň resmi saýtyna «www.tjk.com.tm» salgy bilen girip bilersiňiz.

Döwrebap we kämil dizaýn bilen bezelen saýt örän ýeňil işleýändigi bilen tapawutlanýar. Täze saýty işläp taýýarlaýjylar ony ulanmagyň ýeňil bolmagy üçin hem ähli tagallalary etdiler.

Täze saýt toplumda öndürilýän önümleri katalog görnüşinde görmäge, olar barada maglumat almaga doly mümkinçilik berýär. Naýbaşy hildäki suratlar size bu ýerde taýýarlanylýan ýokary hilli önümleriň hili bilen tanyşmaga hem mümkinçilik berer.

Saýt öz önümlerini içerki bazar bilen bir hatarda dünýä döwletlerine hem eksport edýän toplumy öz müşderileri bilen ýakynlaşdyrar. Üç dilde ― türkmen, rus we iňlis dillerinde hyzmat edýän saýt bütin dünýäniň internet ulanyjylary üçin elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň