Soňky habarlar

Arhiw

Kristiano Ronaldo 2 rekordyň bosagasynda dur

14:5715.07.2020
0
1343

Her hepde diýen ýaly täze rekordlar bilen karýerasyny bezeýän “Ýuwentusyň” portugaliýaly super ýyldyzy Kristiano Ronaldo ýene 2 rekordyň bosagasynda dur. Ol “Ýuwentusyň” düzüminde ýene 1 gol geçiren ýagdaýynda 2 rekordy täzelär. Ronaldo şu günki “Sassuolo” bilen boljak duşuşykda tapawutlanan ýagdaýynda onuň “Serie A”-da gollarynyň sany 50-ä ýeter. Şeýlelikde, ol “Premier ligada”, “La Ligada” hem-de “Serie A”-da azyndan 50 gol geçiren ilkinji futbolçy adyny alar. Şeýle-de ol “Serie A”-da ýene bir gol geçirse, onda 50 gola iň az duşuşykda ýeten futbol bolar. Ol şu gün tapawutlansa, onda 59-njy duşuşygynda 50-nji goluny geçirdigi bolar. Bu ugurda rekord “Milanyň” ukrainaly ýyldyzy Andreý Şewçenko degişlidir. Ol 69 oýunda ilkinji 50 goluny geçiripdi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň