Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana dünýäniň belli kitaphanalaryndan gymmatly golýazmalaryň 2,5 müňüsi getirildi

12:5515.07.2020
0
1271

Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary tarapyndan dünýäniň belli kitaphanalaryndan golýazma mirasynyň 2500-den gowrak nusgasy getirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmen alymlaryna ABŞ-nyň kitaphanalarynda, Fransiýanyň Milli kitaphanasynda, Germaniýanyň kitaphanalarynda, Russiýa Federasiýasynyň Gündogarşynaslyk institutynyň golýazmalar hazynasynda, Wengriýanyň Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasynda, Müsür Arap Respublikasynyň Aleksandriýa kitaphanasynda, Saud Arabystany Patyşalygynyň kitaphanalarynda we başga-da birnäçe iri kitaphanalarda işlemek miýesser etdi. Bu kitaphanalardan dünýä belli türkmen şahsyýetleri Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Mollanepesiň, Reşideddin Watwatyň, Nejmeddin Kubranyň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Mahmyt Zamahşarynyň, Abu Nasr Farabynyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Ýunus Emräniň, Muhammet Horezminiň, Abu Bekr Horezminiň, Bedreddin Bektutyň, Abu Reýhan Horezminiň, Şemseddin Merweziniň we başga-da birnäçe meşhur alymlarymyzyň döredijilik mirasy Türkmenistana getirildi.

Döwlet Baştutanynyň ABŞ-a sapary mahalynda Metropoliten muzeýine, Ermenistan Respublikasyna iş sapary wagtynda Matenadaran kitaphanasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna sapary wagtynda Taryhy muzeýine, Katar döwletinde saparda bolanda Yslam taryhy muzeýine baryp görüp, türkmenler bilen bagly ol ýerdäki maglumatlara üns berdi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty Günorta Koreýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň ylmy merkezleri bilen özara ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnamalar baglaşdy. Bu ylmy hyzmatdaşlyklaryň çäklerinde nusgawy şahyrlarymyzyň eserleri daşary ýurt dilleriniň birnäçesine terjime edildi we daşary ýurtlarda bilelikde halkara ylmy maslahatlar guraldy. Saud Arabystany Patyşalygynyň Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlarynyň gatnaşmagynda 2019-njy ýylda Er-Riýad şäherinde alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly I kitaby arap dilinde neşir edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň