Medeni ugurly ýokary okuw mekdepleri resminamalary welaýat merkezlerinde kabul eder

12:0315.07.2020
0
1495

«Türkmendemirýollary» agentliginiň otly gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylmagy sebäpli, dalaşgärlerden resminamalary öz ýerleşýän ýerinde kabul edýän käbir ýokary okuw mekdepleri mundan beýläk resminamalary welaýat merkezlerinde hem kabul edip başlar.

Has takygy, Türkmen döwlet medeniýet instituty, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy dalaşgärleriň resminamalaryny welaýat merkezlerindäki Ýörite sungat mekdeplerinde kabul edýär.agzalan ýokary mekdepleri boýunça giriş synaglaryny hem welaýat merkezlerinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň