Soňky habarlar

Arhiw

Wladimrowskiý oblasty Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge taýýar

09:4815.07.2020
0
7661

Wladimirowskiý obalstynyň Türkmenistan bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmasy Russiýanyň söwda wekili Aleksandr Ýelizarow bilen ýakynda geçirilen telekonferensiýada öz beýanyny tapdy. Bu barada sebitiň dolandyryşynyň resmi web saýty habar berdi.  

Duşuşyga oblastyň dolandyryşynyň ykdysady ösüş we oba hojalygy bölümleriniň ýolbaşçylary hem-de dürli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy.

Soňky döwürde Wladimir oblastynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen gatnaşygy artyp, ýurdumyza şokolad we konditer önümleri, makaron, köfte, şeýle hem silikon, elektrik hereketlendirijisi we generator ýaly 30-a golaý harydyň eksport edýändigi aýdyldy. Türkmenistan bolsa sebiti, esasan, dokma we plastmassa önümleri bilen üpjün edýär.

Bu sebit hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meýilleşdirilýär. Eksport üçin naýbaşy teklipleriň arasynda kontrplak we agaç, gapylar we olaryň gurluş elementleri, şeýle hem sowadyjy enjamlar, dokma pudagy üçin konserwirlenen iýmitler we boýaglar bar.

Aleksandr Ýelizarow öz gezeginde dokma önümleriniň, miweleriň we gök önümleriň hem-de mineral dökünleriň sebite Türkmenistandan getirilip bilinjekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň