Soňky habarlar

Arhiw

«Balkan kände» 1 million kub metrden gowrak magdan däl material öndürildi

14:5514.07.2020
0
934

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenbaşy etrabyndaky «Balkan kän» müdirliginde şu ýylyň geçen birinji ýarymynda 1 million 98 müň kub metrden gowrak magdan däl materiallary hem-de 73 müň tonna gurluşyk serişdeleri öndürilip, bellenilen meýilnamalara abraý bilen hötde gelindi ― diýip, «Balkan» gazeti habar berýär.

Häzirki zamanyň kämil önümçilik tehnikalary bilen ygtybarly üpjün edilen kärhanada we onuň «Türkmenbaşy», «Balaýşem», «Daşarbat» ýaly önümçilik meýdançalarynda öndürilýän önümler diňe bir welaýatymyza däl, eýsem, eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerine hem polat ýollar arkaly yzygiderli ugradylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň