Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Sagdyn mekdep» ýörelgesi kämilleşdirilýär

11:3514.07.2020
0
4601

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Bilim ministrliginiň bilelikde işläp düzen ýurdumyzda «Sagdyn mekdep» we «Sagdyn uniwersitet» ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamalary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, olaryň sagdyn ýaşamagy, dogry we sagdyn iýmitlenmegi boýunça giň gerimli işleri amala aşyrmak maksady bilen işlenilip düzüldi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ýurdumyzda «Sagdyn mekdep» ýörelgesini durmuşa geçirmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň esasy wezipeleri mekdep okuwçylarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmakdan, bedenterbiýe we sport babatdaky bilimlerini kämilleşdirmekden, bedeniň fiziki ösüş ýagdaýlaryny gözegçilikde saklamakdan, degişli anyklaýyş-barlag işlerini geçirmekden, mekdeplerde okuwçylaryň sagdyn iýmitlenmeklerini gazanmakdan, olaryň okaýan synp otaglaryny we mekdebiň çägini arassa saklamakdan, dürli sport çärelerini guramakdan ybaratdyr. Bu wezipeleri durmuşa geçirmek arkaly her bir mekdep okuwçysyna öz saglygyny berkitmek boýunça şahsy jogapkärçiligi öwretmek, saglyk bilen baglanyşykly durmuşy endiklere dogry baha berip bilmek ýaly peýdaly başarnyklary bermek göz öňünde tutulýar.

Adam ömrüniň dürli tapgyrlarynda sagdyn bolmagyň syrlaryny, usullaryny, tärlerini ilki öz maşgalasynda, mekdepde, hassahanada bolanda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden we beýleki maglumat çeşmelerinden kem-kemden öwrenýär. Şeýle ulgamlaýyn bilim özüniň gurluşynda mugallymlaryň, lukmanlaryň, psihologlaryň we beýleki hünärmenleriň adamlaryň saglygyny goramakdaky, ýüze çykyp biljek keselleriň öňüni almakdaky birleşdirilen tagallalaryna daýanýar. Şunuň ýaly derwaýys wezipelere amal etmekde umumy orta bilim berýän mekdepleriň 1 — 10-njy synplarynda ýaşaýyş-durmuş esaslary dersiniň okadylmagynyň örän uly ähmiýeti bar.

Bu dersi okuw maksatnamasynyň we okuw kitaplarynyň hilini kämilleşdirmek üçin ýörite işçi toparynyň döredilmegi, okuw maksatnamalary degişlilikde, okuw kitaplarynyň mazmunynyň beýan edilişiniň ylmy-usulyýet taýdan kämilleşdirilmegine alyp bardy. Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklary ýaşaýyş-durmuş esaslary dersi boýunça, umuman, okuw maksatnamasynda we okuw kitaplarynda özüniň aýdyň beýanyny tapdy. Döwlet Baştutanynyň gymmatly tabşyryklary boýunça okuw maksatnamasynyň degişli bölümleriniň mazmuny okuwçylaryň ýaş we psihologik aýratynlyklaryna laýyklykda, käbir maglumatlar bilen baýlaşdyryldy we kämilleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň