Balkanabatdaky DES welaýatda sarp edilýän elektrik energiýasynyň üçden bir bölegini öndürýär

11:2214.07.2020
0
1109

Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň hünärmenleri şu günler gaýratly zähmet çekip, sebitiň ýaşaýjylaryny hem-de edara-kärhanalaryny üznüksiz elektrik togy bilen üpjün etmekde nusgalyk işleri edýärler ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Mundan birnäçe ýyl öň Hazar deňziniň kenarynda dünýä hil ülňülerine doly laýyk gelýän «Awaza» döwlet elektrik stansiýasynyň gurlup, ulanyşa tabşyrylmagy, welaýat merkezindäki ozaldan hereket edýän «Balkanabat» döwlet elektrik stansiýasynyň bolsa kuwwatlylygynyň düýpli artdyrylmagy bu ugurda ädilen uly ädimlerdir.

Ýeri gelende aýtsak, ýylyň tutuş dowamynda üç çalşykda bökdençsiz işledilýän Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagy sebitde öndürilýän elektrik togunyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Balkanabat döwlet elektrik stansiýasyndaky podstansiýalar toplumy, ýapyk we açyk görnüşli beketler, welaýatyň merkezi şäherini üpjün edýän orta kuwwatlandyryjy desga we beýleki bölümler hemişe saz işledilýär. Kärhanada öndürilýän elektrik energiýasy welaýatyň häzirki wagtda işläp duran nebit-gaz düzümlerini, beýleki önümçilik pudaklaryny ygtybarly üpjün edýär. Welaýatyň zerurlyklaryndan artýan tok bolsa Diýarymyzyň bitewi elektrik ulgamyna gönükdirilýär.

Üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda welaýat boýunça öndürilen 1 milliard 604 million kilowat-sagada barabar elektrik energiýasynyň 581 million kilowat-sagada golaýynyň şu bekediň paýyna düşýändigi hem muňa doly şaýatlyk edýär. Bu görkeziji balkanabatly energetikleriň bellenilen meýilnamany 105 göterime golaý amal edip, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, önümçiligiň ösüş depginini 113 göterim ýokarlandyrmagy başarandyklaryny habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň