“Mançester Sitiniň” jerimesi ýatyryldy

18:2813.07.2020
0
1909
“Mançester Sitiniň” jerimesi ýatyryldy

Halkara Sport Arbitražy (CAS) UEFA tarapyndan “Mançester Siti” toparyna berlen 2 ýyllyk jerimäni ýatyrdy. Şunlukda, “Mançester Siti” geljek möwsümde Çempionlar ligasynda çykyş eder. Mälim bolşy ýaly, UEFA “Mançester Siti” toparyny Maliýe Fair-Play düzgünlerini bozandygy üçin 2 ýyl Ýewrokuboklardan daşlaşdyrypdy. Şeýle-de tölemeli edilen 30 million ýewrolyk jerime bolsa, 10 million ýewro düşürildi. “Premier ligany” 2-nji hatarda tamamlajak “Mançester Siti” täze möwsümde Çempionlar ligasynda çykyş eder.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň