Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: üçünji aýlawdaky «Altyn asyr» ― «Ahal» derbisi 5-nji sentýabrda bolar

17:5613.07.2020
0
642

Ýokary liganyň üçünji aýlawyndaky esasy duşuşygyň ― «Altyn asyr» ― «Ahal» derbisiniň geçiriljek güni belli boldy. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan kesgitlenen tertipnama görä, üçünji aýlawyň iň esasy duşuşygy 5-nji sentýabrda, 16-njy tapgyryň çäginde geçiriler.

Möwsümiň başynda «Ahal» bäş tapgyrlyk yzygiderli ýeňiş bilen ýaryşyň başyndaky ornuny goran hem bolsa, birinji ýarymyň ahyryna çenli «Altyn asyr» birinji orna geçdi. Häzir «Altyn asyrda» 33, «Ahalda» bolsa 31 utuk bar.

Çempionatyň ikinji ýarymynda hem esasy bäsdeşligiň şu iki toparyň arasynda geçjekdigini aýdyp bileris. Çünki üçünji orundaky «Şagadam» «Ahaldan» hem 9 utuk yzda barýar.

Iki toparyň arasynda möwsümdäki ilkinji duşuşyk 2-nji tapgyrda geçirilipdi. Şol duşuşykda «Altyn asyr» çempionatdaky iň güýçli garşydaşyny Altymyrat Annadurdyýewiň we Mihail Titowyň geçiren pökgüleri bilen 2:1 hasabynda ýeňdi. «Ahalyň» ýeke-täk pökgüsini bolsa «aragatnaşykçylaryň» ozalky hüjümçisi Myrat Ýagşyýew geçirdi.

Ikinji aýlawdaky derbi duşuşygy hem şol bir hasap bilen tamamlandy. «Altyn asyryň» pökgülerini ýene-de şol bir futbolçylar geçirdiler. «Ahaldan» bolsa Elman Tagaýew tapawutlandy.

5-nji sentýabrda bu iki topar biri-biri bilen möwsümde dördünji gezek duşuşar. Çünki «Altyn asyr» bilen «Ahal» 22-nji awgustda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşykda hem güýç synanyşarlar.

Ýeri gelende aýtsak, 16-njy tapgyr tutuşlygyna bir sebite ýa-da şähere wekilçilik edýän toparlaryň özara duşuşyklaryna beslener. «Altyn asyr» bilen «Ahalyň» duşuşygyndan başga-da «Aşgabat» «Köpetdagy» (ikisi hem Aşgabat şäheri), «Merw» «Energetigi» (ikisi hem Mary welaýaty), «Nebitçi» «Şagadamy» (ikisi hem Balkan welaýaty) kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň