Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň kubogy ― 2020: çärýek finalyň bijeleri çekildi

16:2713.07.2020
0
5876

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky bu ýylky ýaryşa 30-njy awgustda badalga berler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Şu ýylky Kubok ýaryşyna Ýokary liga wekilçilik edýän 8 topar gatnaşar. Türkmenistanyň Kubogy Ýokary liganyň öňdäki orunlaryndan paýly bolup bilmedik toparlar üçin indiki ýyl yklym ýaryşyna çykmaga uly mümkinçilikdir. Çünki Kubok ýaryşynyň ýeňijisine indiki möwsümde AFK-nyň kubogynda ýaryşmaga mümkinçilik döredilýär.

TFF tarapyndan kabul edilen meýilnama laýyklykda, çärýek finaldan başlanjak Kubok ýaryşynyň ilkinji duşuşyklary 30-njy we 31-nji awgustda geçiriler. Çärýek finalyň jogap oýunlary bolsa 19-njy we 20-nji sentýabrda oýnalar.

Federasiýanyň edara binasynda bolan bije çekilişige görä, çärýek finalda «Ahal» bilen «Aşgabat», «Altyn asyr» bilen «Energetik», «Köpetdag» bilen «Merw» we «Şagadam» bilen «Nebitçi» duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň