Soňky habarlar

Arhiw

«Istiklol» Täjigistanyň çempionatynyň birinji ýarymyny birinji orunda tamamlady

16:1113.07.2020
0
4397

Düzüminde futbol boýunça milli ýygyndymyzyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow hem çykyş edýän «Istiklol» futbol topary Täjigistanyň çempionatynyň birinji ýarymyny ýaryş tertibiniň iň ýokarky basgançagynda tamamlady. Topar çempionatyň 9-njy tapgyrynda «Lokomotiw-Pamiri» 1:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 44-nji minutda Rustam Soirow geçirdi. Biziň ildeşimiz 67-nji minutda bu oýunçynyň ornuna oýna girdi.

Şeýlelikde, 9 duşuşykda mümkin bolan 27 utugyň 25-sini toplap bilen «Istiklol» arakesmä birinji orunda çykdy. Topar iň ýakyn bäsdeşi «Hujanddan» 6 utuk öňde.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň