Soňky habarlar

Arhiw

Mary etrabynda 5 gektarlyk iri ýyladyşhana guruldy

12:1713.07.2020
0
1448

Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän gök önüm­le­riň möç­be­ri­niň art­ma­gy­na öz­le­ri­niň ön­jeý­li go­şan­dy­ny goş­ýan ýy­la­dyş­ha­na­la­ryň sa­ny Ma­ry we­la­ýa­tyn­da-da yzy­gi­der­li art­ýar. Ma­ry et­ra­by­nyň çä­gin­de, Ma­ry — Şat­lyk aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň ug­run­da gur­lup, ýa­kyn­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da ula­nyl­ma­ga ber­len döw­re­bap ýy­la­dyş­ha­na aý­dy­lan­la­ryň aý­dyň my­sa­ly ― diýip, «Bereketli toprak» gazeti habar berýär.

Umu­my meý­da­ny 5 gek­ta­ra ba­ra­bar bo­lup, ýyl­da 1200 ton­na po­mi­dor ýe­tiş­di­rip, aly­jy­la­ra ug­rat­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek bu des­ga «Ha­lal do­gan» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň bu­ýur­ma­sy esa­syn­da bi­na edil­di.

«Dört pas­lyň be­re­ke­di» at­ly hu­su­sy kär­ha­na­nyň gu­ran bu önüm­çi­lik des­ga­sy­nyň iş­çi­le­ri­niň 40-dan gow­ra­gy ýer­li ýa­şaý­jy­lar­dyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň