Soňky habarlar

Arhiw

«Guşgy» maldarçylyk toplumynda 500 tonna ot taýýarlanyldy

11:5613.07.2020
0
1808

Serhetabat etrabyndaky «Guşgy» maldarçylyk hojalygynda ot taýýarlaýjy toparlaryň ikisi döredildi. Ýazda ygalyň kän ýagmagy bilen hojalygyň öri meýdanlarynda ýokumly meýdan otlary iňňän bol ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Dünýäniň ösen döwletleriniň önüm öndürijilerinden satyn alnan täze, kuwwatly ýük awtoulaglary, traktor tirkegleri, ot orujy we desseleýji gurallar her bir iş çäresiniň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginde maldarlaryň hakyky daýanjy bolup durýar.

Maldarçylyk hojalygyndaky şol ýük awtoulaglary, beýleki mehanizmlerdir gurallar häzir hojalygyň çägindäki bol ot-çöpli ýaýlada zähmet çekýän ot taýýarlaýjylar toparlary tarapyndan gije-gündiziň dowamynda ýokary öndürijilikli işledilýär. Şeýlelikde, her gün ýokumly meýdan otunyň 18 tonnasy taýýarlanylýar. Bereketli ýaýladan ýygnalýan ot bada-bat hojalygyň mallarynyň gyşladyljak öri meýdanlaryna daşalýar.

Bu iri maldarçylyk hojalygynyň hünärmenleridir ot taýýarlaýjylary eýýäm meýilnama boýunça gyş döwri üçin taýýarlanylmaly 2557 tonna meýdan otunyň 500 tonnadan gowragyny taýýarlap, gyşky örülerdäki agyllaryň ýanynda küdelediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň