Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatly mekdep okuwçysy eline daýanyp 7800 gezek ýatyp-galdy, ol dünýä rekordyny täzelemegi maksat edinýär

10:3513.07.2020
1
19442

Türkmen telewideniýesiniň "Ýaşlyk" teleýaýlymynda 12-nji iýul güni görkezilen "Zehinmi?" atly gepleşikde Aşgabat şäheriniň 70-nji orta mekdebiniň okuwçysy Resul Allamow 2,5 sagadyň dowamynda 7800 gezek elde ýatyp-galmak (otžimaniýe) bilen täsin başarnygyny görkezdi. Gepleşikde Türkmenistanyň Taekwondo -ITF federasýasynyň görnükli wekili, halkara ýaryşlaryň ençemesiniň ýeňijisi Gaýgysyz Atabaýew ýaş türgeniň bu şerti berjaý edişine gözegçilik etdi.

Gepleşigiň dowamynda alyp baryjy Atageldi Rejepgulyýew Resulyň kakasy, boksçy Döwran Allamow bilen hem söhbetdeş boldy. Onuň aýtmagyna görä, Döwranda sporta bolan höwes heniz 3 ýaşyndaka döräpdir. Dört ýaşynda bolsa ol kakasy bilen türgenleşiklere gatnap başlaýar. Başda her gün 30-50 gezege çenli otžimaniýe edip bilen oglanjyk häzir bir günde 7 müňden 10 müňe çenli bu maşky edip bilýär. Kakasy onuň wagt babatyndaky netijeleri hem has gowulaşdyrýandygyny aýdýar. Ilki-ilkiler 1000 otžimaniýeni ýarym sagat çemesi wagtda eden oglanjyk häzir muny 15 minuda sygdyryp bilýär.

Geljekde boks boýunça halkara ýaryşlaryň ýeňijisi bolmagy maksat edinýän ýaş türgeniň ikinji bir maksady bolsa otžimaniýe boýunça dünýä rekordyny täzelemekdir. 

Wideo

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň