Soňky habarlar

Arhiw

«Daşoguzgazakdyryş» Döwletabat ― Derýalyk ugry boýunça tebigy gazyň bökdençsizligini üpjün edýär

14:4312.07.2020
0
1102

«Daşoguzgazakdyryş» müdirligi Döwletabat — Derýalyk Baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk», «Garagum», «Çöllük», «Ýylanly», «Derýalyk» ýaly önümçilik edaralaryny we umumy uzynlygy dört müň bäş ýüz kilometrden gowrak bolan, dürli basyşly gaz geçirijileri, gaz paýlaýjy hem-de sazlaýjy desgalary özüne birleşdirýär ― diýip, «Daşoguz habarlary» gazeti ýazýar.

Bulardan başga-da, müdirligiň dolandyryş edarasyna golaý ýerde gaz geçirijilere hyzmat etmek boýunça ýöriteleşdirilen ulanyş edaramyzyň awtoulag hojalygy, Gazawat senagat meýdançasy ýaly edara-kärhanalarymyz hem ýerleşýär. Şol düzümleriň sazlaşykly işlemeginde müdirligimiziň merkezi ýyladyş elektrotehniki önümçilik tejribehanasynyň biziň gözegçilik ölçeg enjamlary we awtomatika toparymyzyň işçi-hünärmenleri tarapyndan durmuşa geçirilýän işler uly ähmiýete eýedir.

Müdirligiň gazçylary türkmen gazynyň Döwletabat — Derýalyk ugry boýunça dünýä bazaryna çykarylmagy, şeýle hem welaýatymyzyň ilatynyň, edara-kärhanalarynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün edilmegi ugrunda nusgalyk işleri alyp barýarlar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň