Soňky habarlar

Arhiw

«Şawat» süýdi öz fermasyndaky iri mallardan alyp başlady

14:3812.07.2020
0
991

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň fermasy gurulýar. Onuň eýýäm bir bölegi doly gurlup gutaryldy. Şol ýerde häzir mallaryň 400-e golaýy saklanylýar. Olardan her aýda ýüzlerçe kilogram süýt hem öndürilýär. Ferma doly gurlup gutarylanda bu ýerde iri şahly mallaryň 1300 başy idediler. Şonda öndüriljek süýdüň möçberi hem ep-esli artar ― diýip, «Daşoguz habarlary» gazeti ýazýar.

Kärhanada öndürilýän 20-ä golaý görnüşli önümler diňe bir ýokary hil görkezijisi babatda däl, tagamlylygy hem-de ýokumlylygy bilenem tapawutlanýar.

Kärhanada geçen iýun aýynda hem 100 tonna süýdüň gaýtadan işlenmeginden daşky bezegi owadan gaplara gaplanan süýt, mesge, peýnir, gatyk, uýadylan gaýmak, aýran ýaly dürli görnüşli önümleriň 500 müň manatlykdan gowragy öndürildi. Şeýlelikde, ýylyň alty aýynda ilatyň uly islegine mynasyp bolan azyk harytlarynyň 3 million 372 müň manatlygy öndürilip, meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Bu görkeziji önümçiligiň ösüş depgininiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 126 göterime barabar bolandygyny doly aýan edýär.

TSTB bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» hem-de «Ýylyň ekologiýa taýdan arassa önüm öndürijisi» ugurlary boýunça guran bäsleşiklerinde gürrüňini edýän kärhanamyz bu ýyl hem birinji orny eýeläp, Diplom we Hormat haty bilen sylaglandy. Gazanylan bu zähmet ýeňşi kärhananyň işçi-hünärmenlerini önümçilikde täze sepgitleri eýelemeklige ruhlandyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň