Gurban Berdiýew «Soçi» ― «Spartak» duşuşygyna stadionda tomaşa etdi

13:0312.07.2020
0
8010

Türkmenistanly futbol tälimçisi Gurban Berdiýew, Russiýanyň Premýer ligasynyň çäginde 11-nji iýulda geçirilen «Soçi» ― «Spartak» duşuşygyna stadiondan tomaşa etdi. Bu barada «Tatar-inform» habar berdi.

Bu oýunda «Soçi» öz meýdanynda Moskwanyň «Spartagyndan» 1-0 hasabynda üstün çykdy. Myhmanlar tutuş duşuşykda diýen ýaly artykmaçlykdan peýdalandylar, ýöne gol geçirip bilmediler.

Hünärmeniň bu oýna tomaşa edip, nähili maksat bilen Soçi şäherine gelendigi heniz belli däl. Ýöne Gurban Berdiýewiň häzirki wagtda hiç bir topara tälim bermeýändigini aýtmak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň