Soňky habarlar

Arhiw

“Opel” logosyny täzeledi

21:3611.07.2020
0
1367

“Opel” kompaniýasy geçen aýyň ahyrynda tanyşdyran “Mokka” elektrokarynda we ondan soňky modellerinde täze logosyny ulanar. Täze logonyň brendiň ähli modellerinde ulanyljakdygy mälim edildi. Nemes brendiniň täze modeli “Mokka”-da “Opel Vizor” we “Pure Panel” tehnologiýalary ulanylar. Täze “Mokka”-nyň yz tarapynda ýerleşdirilen “Opel” ýazgysy logonyň aşagynda ýerleşdirilipdir. Kompaniýanyň dizaýndan jogapkär işgäri Mark Adams logonyň daşky halkasynyň has inçe owadan we göze gelüwlidigini aýtdy. Nemes kompaniýasy 1963-nji ýyldan bäri ähli modellerinde halkanyň içinde ýyldyrym şekilli logosyny ulanýar. Bu logo ýyllaryň dowamynda azda-kände üýtgedildi. 2000-nji ýyldan soňra logo has galyňlaşdyrylyp, 3D görnüşe getirildi. 2016-njy ýyldan soň çykan maşynlarda has özüne çekiji hrom logo ýerleşdirilip başlandy. 2017-nji tomsundan başlap, has tekiz logo ulanylyp başlandy. “Mokka” modeliniň indiki ýyl satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň