Lebapda gök we bakja önümleriniň bol hasyly ýetişdirildi

19:1611.07.2020
0
992

Şu ýyl gök we bakja önümlerini öndürmek boýunça Lebap welaýatynda uly zähmet ýeňşi gazanyldy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazti habar berýär.

Neşirde çap edilen makalada hem aýdylyşy ýaly, ýylyň birinji ýarymynda welaýatda gök önümleriň 36,7 müň tonnasy (108,9 göterim), miweleriň we ir-iýmişleriň 13,4 müň tonnasy (122,9 göterim), ýeralmanyň 72,5 müň tonnasy (110,4 göterim), bakja önümleriniň hem 14,8 müň tonnasy (101,4 göterim) öndürildi.

Häzir welaýatda güýzki ýeralma ekilýär. Bugdaýyň yzyna hem ikinji ekin hökmünde köp sanly ekinleri ekmek dowam edýär. Ekişi tamamlan lebaply şalyçylar 40 müň tonnadan gowrak hasyl almak üçin şalylara ideg edip başladylar. Welaýatyň ekerançylarynyň ýyly üstünlikli jemlejedigine ynanyp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň