Soňky habarlar

Arhiw

Dzýudo boýunça Lebap welaýatynyň açyk birinjiligi geçirildi

19:0011.07.2020
0
1432

Geçen ýyl ýurdumyzda «Iň gowy sport mekdebi» diýlip yglan edilen Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebinde dzýudo boýunça Lebap welaýatynyň açyk çempionaty geçirildi. Oňa 1998 — 2009-njy ýyllar aralygynda doglan ýaş we ýetginjek türgenleriň 650-ä golaýy gatnaşdy. Olar Lebap welaýatynyň dürli etrap-şäherlerine, şeýle-de Aşgabat, Daşoguz we Mary şäherlerine wekilçilik etdiler. Açyk çempionat sportuň bu olimpiýa görnüşi boýunça milli ýygyndymyzyň türgenleri üçin kämilleşmegiň bir tapgyryna öwrüldi.

Dzýudo sportuna ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bir hatarda, Jeýhun ýakasynda hem uly üns berilýär. Muny bu sportuň Nasiba Hallyýewa, Madina Babakulyýewa, Şirin Kubaýewa, Mamajan Amandurdyýewa, Baýram Hallyýew, Raşid Tursunow, Ahmet Rahmedow, Bagtyýar Haýrullaýew ýaly wekilleriniň dürli ýyllarda halkara ýaryşlarda gazanan üstünlikleri hem subut edýär. Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda dzýudo boýunça ýurdumyzyň sport abraýyny goramaga dalaş eden türgenlerimiz Hakberdi Jumaýew bilen Gülbadam Babamuradowa hem 4-nji sport mekdebiniň uçurymlarydyr.

Welaýatyň açyk çempionaty oňa gatnaşyjy türgenleriň ýaş aýratynlygy boýunça dört toparda geçirildi. Şol toparlaryň ilkinjisinde 1998 — 2002-nji ýyllaryň arasynda doglan türgenleriň 80-e golaýy ýaryşdy. Gyzykly tutluşyklaryň netijesi boýunça altyn medallaryň 9-syny, kümüş medallaryň 8-sini we 18 sany bürünç medal gazanan milli ýygyndymyzyň agzalaryna taý tapylmady. Ikinji orny Lebap, üçünji orny Mary welaýatlarynyň türgenleri eýelediler.

2003 — 2005-nji ýyllaryň arasynda doglan türgenleriň ýaryşyna has köp adam gatnaşdy. Has takygy, bu gezek medallar üçin 215 türgen ýaryşdy. Bu ýaryşda-da medallaryň uly toplumyny milli ýygyndymyzyň wekilleri eýelediler. Ýygyndymyza wekilçilik eden 30 türgen ýaryşda 22 medal gazanyp bildi, şolaryň 9-sy altyn medaldyr. Bu gezekki ýaryşda hem Lebap welaýatynyň topary ikinji, Marydan gelen türgenler üçünji orny eýelediler.

2006-2007-nji ýyllarda doglanlaryň ýaryşy 156 türgeniň arasynda geçirildi. Bu gezek ýeňijilere niýetlenen 16 altyn medalyň 14-sine mynasyp bolan ýer eýeleri toparlaýyn hasapda hem birinji orny eýelediler. Ikinji orna bolsa, Mary welaýatyndan gelen dzýudoçylar mynasyp boldy.

Ýaryşdaky iň ýaş topar 2008-2009-njy ýyllarda doglan türgenlerden ybarat. Ýaňy 11-12 ýaşyny dolduran ýetginjekleriň ýaryşyna geljegine uly umyt bildirilýän türgenleriň 200-e golaýy gatnaşdy. Hususan-da, Türkmenabat şäheriniň we Farap etrabynyň sport mekdepleriniň has uly topar bilen gatnaşandygyny aýtmak gerek. Ýerli türgenleriň agdyklyk etmegi Lebap welaýatynyň toparynyň umumy hasapda hem birinji orny eýelemegine getirdi. Ikinji, üçünji orunlary bolsa, Mary hem-de Aşgabat şäherlerinden gelen türgenler eýelediler.

Gündogar sebitiň açyk birinjiligi milli ýygyndymyzyň hataryna goşulmaga mynasyp täze zehinleriň ýüze çykarylmagyna ýardam berdi. Birnäçe günläp dowam eden ýaryşyň netijesinde ýeňijiler Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň