Bereketdäki kärhanada ýod önümleriniň öndürilişi 140 göterim ösdi

15:1610.07.2020
0
927

Bereket şäherinde gurlup, işe girizilen Ýod önümçiligi kärhanasynda ýylyň birinji ýarymynda 3 million 160 müň manatlyk önüm öndürmek baradaky meýilnama artygy bilen berjaý edildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Şunda, geçen ýylyň alty aýy bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgininiň 140 göterime barabar ýokarlandyrylandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Her ýylda ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 million sanysyny hem-de diş tamponlarynyň 500 müňüsini öndürmeklige niýetlenilip, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň meşhur önümçilikçileri tarapyndan taýýarlanýan enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilen kärhanada geçen alty aýda 75 müň manatlyk sap girdeji gazanmak baradaky meýilnama bolsa, 116 göterim amal edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň