Soňky habarlar

Arhiw

Owadandepede öndürilen mermer we granit daşynyň umumy bahasy 4,7 million manada golaýlady

15:1210.07.2020
0
829

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki mermer we granit daşlary işlenilýän zawodynda şu ýyl 4 million 698 müň 897 manatlyk önüm öndürilip, bu babatdaky göz öňüne tutulan meýilnama iki esseden hem köp ýerine ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Zawodyň önümleri ýurdumyzda giň gerim alan gurluşyklarda giňden ulanyldy. Köçeleriň we ýanýodalaryň gyralaryny jäheklemek üçin dürli bezeg daşlaryna, arhitektura şekilleri we sütün üçin örtgi plitalaryna islegiň aýratyn ýokary bolandygy bellärliklidir.

Häzir bu ýerde ýylyň ikinji ýarymynyň iş meýilnamalary üstünlikli berjaý edilýär.  Zawodda öndürilýän zerur gurluşyk serişdeleri dessine gurluşyk meýdançalaryna alnyp gidilip, döwrebap binalaryň görküne görk goşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň