Soňky habarlar

Arhiw

AFK Aşgabatdaky yklym ýaryşyny noýabrda geçirmegi meýilleşdirýär

12:2310.07.2020
0
4246

Aziýa Futbol Konfederasiýasy 2020-nji ýylda göz öňünde tutulan futbol we futzal boýunça halkara ýaryşlaryny täze meýilnama bilen tamamlamagy meýilleşdirýär. 

AFK-nyň resmi saýtyna görä , ýaryşlaryň täze we tassyklanan tertibi aşakdaky ýaly:

Özbegistanda ýaşlaryň arasynda geçiriljek Aziýa çempionaty (U-19) ― 14 ― 31-nji oktýabr aralygynda;
Türkmenistanda geçiriljek Aziýanyň futzal çempionaty ― 4 ― 15-nji noýabr aralygynda;
Bahreýnde geçiriljek ýetginjekleriň Aziýa çempionaty (U-16) ― 25-nji noýabr ― 12-nji dekabr aralygynda;
BAE-de geçiriljek AFK-nyň klublaýyn futzal empionaty ― 2 ― 13-nji dekabr aralygynda.

Aşgabatda geçiriljek futzal çempionaty ilki 26-njy fewral ― 8-nji mart aralygynda meýilleşdirilip, soňra pandemiýa sebäpli 5 ― 16-njy awgust aralygyna geçirilipdi. Indi yklym çempionatynyň senesi ikinji gezek üýtgedildi.

Türkmen paýtagtynda geçiriljek ýaryşda ilkinji bäş orny eýeläp bilen ýygyndy 2021-nji ýylda Litwada geçirilmegi meýilleşdirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň