Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ÝUNESKO bilen maglumatlar tehnologiýasy boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

10:0210.07.2020
0
11543

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglumatlar tehnologiýalary boýunça institutynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu çäre Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda guraldy ― diýip, TDH habar berýär.

Bilim, ylym, innowasion tehnologiýalar, taryhy we binagärlik ýadygärliklerini goramak hem-de dikeltmek ugurlary we beýleki meseleler boýunça ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunda geljegi uly ylym we bilim taslamalaryny durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu iş häzirki zaman tehnologiýalaryna, sanly bilimlere, öňdebaryjy tehnologiýalara, umuman, ylmyň we bilimiň innowasion ösüşine esaslanýan adam kuwwatyny yzygiderli artdyrmaga gönükdirilendir.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň barşynda ÝUNESKO-nyň wekilleri ylmyň we tehnologiýalaryň arasyndaky baglanyşdyryjy ulgam hökmünde bilimiň wajypdygyny belläp, türkmen tarapyny sanly tehnologiýalar bilen baglanyşykly geljegi uly taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdylar. Duşuşygyň çäklerinde möhüm ähmiýete eýe bolan strategik ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygy biragyzdan bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň