Arhiw

Türkmenistan СOVID-19 pandemiýasy döwründe kärhanalary goldamak boýunça Bütindünýä banky bilen tagallalary birleşdirýär

09:4410.07.2020
0
15081

Onlaýn görnüşde bir tarapdan, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleriniň hem-de beýleki tarapdan, Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen maslahat СOVID-19 pandemiýasy döwründe kärhanalary goldamak babatda hökümet syýasatyna bagyşlandy ― diýip, TDH ýazýar.

Esasy halkara maliýe-bank düzümleri bilen hyzmatdaşlyk milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ony toplumlaýyn sanly ulgama geçirmek boýunça amala aşyrylýan strategiýanyň netijesinde, bu köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmegi Türkmenistanyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna ýardam edýär.

Wideoduşuşygyň gün tertibine СOVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmegiň çäreleriniň çäklerinde Ýewropada we Merkezi Aziýada kärhanalaryň durnuklylygyny pugtalandyrmak hem-de olara ýardam bermek meseleleri girizildi. Oňa gatnaşyjylara Bütindünýä bankynyň degişli tanyşdyryş çäresi hödürlenildi.

Pandemiýa garşy göreşmek we onuň netijelerini azaltmak hem-de aradan aýyrmak boýunça ädilýän ädimler işiň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek bilen utgaşdyrylmalydyr. Işiň şol usullary ähli döwletlere milli maliýe-ykdysady ulgamlaryň hem-de tutuş ählumumy ykdysadyýetiň işini kadaly ýagdaýda saklamaga mümkinçilik bermelidir.

Pikir alyşmalaryň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar özara peýdaly gatnaşyklaryň tejribesini dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň