Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2020-niň galan duşuşyklary güýzde merkezleşdirilen görnüşde geçiriler

21:1709.07.2020
0
5072

Özüne agza bolup durýan assosiasiýalaryň, ligalaryň we klublaryň wekilleri bilen bolan maslahatdan soňra Aziýanyň Futbol konfederasiýasy milli ýygyndylaryň we klublaryň arasynda futbol we futzal boýunça 2020-nji ýylda geçirilmeli duşuşyklaryň meýilnamasyny işläp taýýarlady.

Şol meýilnama laýyklykda, ýurdumyzyň futbol boýunça çempiony «Altyn asyr» AFK-nyň kubogynyň Merkezi zolagynda Täjigistanyň «Istikloly» we «Hujandy», Gyrgyzystanyň «Dordoýy» bilen duşuşyklaryny şu ýylyň 20-nji oktýabry ― 4-nji noýabry aralygynda bir şäherde geçiriler.

Merkezi zolakdaky duşuşyklaryň haýsy şäherde geçiriljekdigi biraz soňra belli ediler. Ýöne Täjigistanyň Futbol federasiýasy eýýäm Duşenbe şäherinde geçirmegi teklip etdi. 

Toparçalaýyn tapgyryň ýeňijisi 24 ― 25-nji noýabr günlerinde geçiriljek Interzolagyň ýarym final duşuşygyna gatnaşar. Interzolagyň finaly bolsa 2-nji dekabrda geçiriler. Ýaryşyň final duşuşygyny 12-nji dekabrda geçirmek meýilleşdirilýär.

AFK-nyň kubogy ― 2020-niň Merkezi zolagynda geçiriljek toparçalaýyn duşuşyklaryň seneleri:

1-nji tapgyr

11-nji mart

«Istiklol»  (Täjigistan) – «Hujand» (Täjigistan) - 2:0

20-nji oktýabr (sişenbe)

 «Dordoý» (Gyrgyzystan) – «Altyn asyr» (Türkmenistan)

 2-nji tapgyr

 23-nji oktýabr (anna)

«Hujand» (Täjigistan) – «Dordoý» (Gyrgyzystan)

«Altyn asyr» (Türkmenistan)  – «Istiklol» (Täjigistan)

 3-nji tapgyr

 26-njy oktýabr (duşenbe)

«Hujand» (Täjigistan) – «Altyn asyr» (Türkmenistan)  

«Istiklol»  (Täjigistan) – «Dordoý» (Gyrgyzystan)

4-nji tapgyr

29-njy oktýabr (anna)

«Altyn asyr» (Türkmenistan) – «Hujand» (Täjigistan)

«Dordoý» (Gyrgyzystan) – «Istiklol»  (Täjigistan)

5-nji tapgyr

1-nji noýabr (ýekşenbe)

«Hujand» (Täjigistan) – «Istiklol»  (Täjigistan)

«Altyn asyr» (Türkmenistan») – «Dordoý» (Gyrgyzystan)

 6-njy tapgyr

4-nji noýabr (anna)

«Istiklol»  (Täjigistan) – «Altyn asyr» (Türkmenistan»)

«Dordoý» (Gyrgyzystan) – «Hujand» (Täjigistan).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň