Ertir Çempionlar ligasynyň bijeleri çekiler

18:5709.07.2020
0
1059

Ertir UEFA Çempionlar we Ýewropa ligalarynda çärýek hem-de ýarym finalynyň bijeleri çekiler. Bijeleriň çekiliş dabarasy Aşgabat wagty bilen 15:00-da hem-de 16:00-da geçiriler.

Häzirki wagtda UEFA Çempionlar ligasynda çärýek finala çykan 4 topar belli bolup, galan topar hem 7-8-nji awgustda oýnaljak oýunlardan soň mälim bolar. Atalanta, Atletiko Madrid, Leipsig hem-de PSŽ-niň çärýek finala çykandygyny ýatladalyň. Galan 4-si bolsa, Bawariýa – Çelsi (3–0), Ýuwentus – Lion (0–1), Barselona – Napoli (1–1) hem-de Mançester Siti – Real Madrid (2–1) duşuşyklaryndan soň belli bolar. Duşuşyklar 1-nji oýny myhmançylykda geçiren toparlaryň meýdançalarynda tomaşaçysyz ýagdaýda geçiriler.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň