Ispan topary meşhur tälimçi bilen şertnama baglaşdy

17:4909.07.2020
0
773

La Ligada şowsuz netijeler alýan Betis topary çilili ussat tälimçi Manuel Pellegrini bilen şertnama baglaşdy. 41 utuk bilen 13-nji hatarda barýan Betis topary 66 ýaşly tälimçi bilen 2023-nji ýyla çenli degişli bolan şertnama gol çekişdi. Soňky gezek West Hem toparyna tälim beren tejribeli hünärmen yklymda Uniwersidad de Çili, Palestino, O’Higgins, Uniwersidad Katolika, LDU Kuito, San Lorenzo, Riwer Pleýt, Wilýarreal, Real Madrid, Malaga, Mançester Siti, Hubeý Çaýna Fortun ýaly klublarda tälimçi boldy. Pellegrininiň iň uly başarnygy 2014-nji ýylda Mançester Siti toparynyň Premier liganyň çempionlygyny gazandyrmagydyr. Pellegrini futbolçylyk ýyllarynda 13 ýyllap Uniwersidad de Çili klubunda oýnady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň