Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol Kubogynyň bije çekilişigi 13-nji iýulda bolar

16:4509.07.2020
0
4000

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň täze möwsümi üçin bije çekilişik dabarasy 13-nji iýulda Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Esasy ýaryşy ¼ finalyň duşuşyklaryndan başlap, sekiz toparyň arasynda geçjek Kubok ýaryşynyň ýeňijisi 2021-nji ýylda AFK-nyň kubogyna Türkmenistanyň adyndan wekilçilik etmäge hukuk gazanar.

Şeýle hem şol gün TFF-niň mejlisler zalynda milli çempionatyň üçünji we dördünji aýlawlarynyň duşuşyklarynyň tertibi hem ara alnyp maslahatlaşylar. Ýurdumyzyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk bilen bagly öňde duran wezipeler hem kesgitlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň