Soňky habarlar

Arhiw

Lebapdaky hususy kärhanada her gün 2 müň banka miwe suwy öndürilýär

14:5309.07.2020
0
5405

Önümçilige 2015-nji ýylda girişen «Aýna gap» hususy kärhanasy her gün 1,5 ― 2 müň banka miwe suwlaryny öndürýär. Saýat etrabynyň çäginde ýerleşýän hususy kärhana şeýle suwlary taýýarlamak üçin miweleri ýerli bagbanlardan satyn alýar. Bu barada Jeyhun.news habar berýär.

Şu günler bu ýerde almadan datly suwlar taýýarlanyp, olar etrap bilim bölümleri bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda, Köýtendag, Kerki, Halaç, Saýat we Dänew etraplarynyň çagalar baglaryna ugradylýar.

Kärhanadaky önümçilik enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak işleri hem alnyp barylýar. Hytaý Halk Respublikasyndan alynmagy meýilleşdirilýän täze enjamlar üçin bu ýerde eýýäm goşmaça bina hem galdyryldy. Olaryň guralmagy bilen bu ýerdäki önümçiligi iki essä çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik dörär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň