Soňky habarlar

Arhiw

60 ýyllygyna bagyşlandy

12:5309.07.2020
0
1068

Wideooýunlary öndürmegi bilen tanalýan SEGA kompaniýasy döredilmeginiň 60 ýyllygy mynasybetli kiçijik oýun konsulyny tanyşdyrdy. “Astro City Mini” atly enjamda 36 oýun boljakdygy mälim edildi. Soňky ýyllarda el telefonlarynyň we kompýuterleriň ýaýbaňlanmagy bilen ýörite oýun oýnamaga niýetlenen enjamlaryň satuwy azalypdy. Şol sebäpli bu ugurda işleýän kompaniýalar ozalkylaryna meňzeş enjamlarynyň döwrebap görnüşlerini satuwa çykarýarlar. Golaýda “Sony” kompaniýasy hem “PlayStation 1”-iň täzelenen görnüşini “PlayStation Classic” ady bilen satuwa çykarypdy. “Nintendo” kompaniýasy hem “NES Classic Edition” atly enjamy müşderilere ýetiripdi. SEGA-nyň täze enjamy barada aýdylanda bolsa, HDMI we USB arabaglanyşygy bilen üpjün edilip, bu baglanyşykdaky beýleki enjamlar we aksesuarlar bilen sazlaşykly işläp bilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň