Soňky habarlar

Arhiw

Her günde 1 million gezek göçürilýär

12:4409.07.2020
0
889

2017-nji ýylda  hödürlenen “Google Meet” programmasy adamlaryň öz aralarynda wideoly söhbetdeşlik etmeklerine mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda tölegsiz hödürlenýän bu programmadan her günde 1 milliondan gezek göçürilip alynýandygy habar berildi. “Android” amaly ulgamly programmalar barada maglumat toplaýan “AppBrain” şereketi “Google Meet”-iň 19-njy maýdan bäri günde 1 million gezek göçürilip alynýandygyny mälim etdi. Şondan bäri 50 million gezek göçürilip alnan programmadan häzirki wagtda 100 million ulanyjy peýdalanýar. “Gmail” interfeýsini ulanmak arkaly ygtybarly habarlaşmaga mümkinçilik berýändigi sebäpli bu programa islegiň ýokarydygy mälim edildi. “Google Meet”-iň sentýabr aýyna çenli dolulygyna çäksiz we tölegsiz boljakdygy, şondan soňra wideojaňlaryň tölegsiz görnüşiniň 60 minut bilen çäklendiriljekdigi mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň