Soňky habarlar

Arhiw

Lebapdaky stansiýalarda elektrik energiýasyny öndürmek boýunça 20 göterimden gowrak ösüş gazanyldy

11:4309.07.2020
0
1780

Şu ýylyň ilkinji alty aýynda Lebap welaýatynda elektrik energiýasyny öndürmekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,3 göterim ösüş depgini gazanyldy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Welaýatyň çäginde dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary oturdylan, kämil tehnologiýalara daýanýan «Lebap» we «Watan» döwlet elektrik stansiýalary guruldy we üstünlikli işe girizildi. Mundan başga-da Seýdiniň ýylylyk elektrik merkeziniň durky täzelenildi, tok peseldiji kuwwatly elektrik beketleri, elektrik geçirijileri guruldy. Olar önümçilik kärhanalaryny we ilatly ýerleri elektrik togy bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şanly ýylda elektrik energetika pudagynyň önümçilik kärhanalarynda düýpli ilerlemeler gazanyldy.

Bu uly üstünlige ýokarda atlary agzalan döwlet elektrik stansiýalarynyň başarjaň hünärmenleriniň gujur-gaýrata beslenip, yhlasly zähmet çekmekleri netijesinde ýetildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň