Soňky habarlar

Arhiw

Birinji liga ― 2020, Daşoguz: «Turan» bilen «Almazyň» öňdebaryjylygy dowam edýär

11:2309.07.2020
0
1484

Birinji liga futbol toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň Birinjiliginiň Daşoguz welaýatynyň zolaklaýyn ýaryşynda altynjy tapgyrynyň birinji duşuşygynda “Garaşsyzlyk” toparynyň derwezesinden jogapsyz toplaryň üçüsini geçiren “Turanyň” ýeňişli ýoly dowam edýär ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Ikinji orun ugrunda ýiti göreş alyp barýan “Dostluk” bilen “Almazyň” arasyndaky duşuşyk myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy – 1:2.

Şeýlelikde, geçiren duşuşyklarynyň hemmesini ýeňiş bilen tamamlan “Turan” ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. 15 utuk toplan “Almaz” ikinji, 12 utugy bolan “Dostluk” üçünji orunlarda ornaşdylar.

Daşoguz welaýatyna wekilçilik edýän toparlaryň sekizisiniň baş baýrak ugrunda bäsleşýändiklerini ýatladýarys.

Ýeri gelende aýtsak, birinji liganyň duşuşyklary welaýatlarymyzyň hemmesinde geçirilip, her zolagyň ýeňijisi jemleýji bäsleşikde bäsleşmäge mümkinçilik alar.

 

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

VI tapgyr:

Oýun 21.

“Turan” – “Garaşsyzlyk”          – 3:0

Oýun 22.

“Täze ýol” – “Akdepe”             – 7:0

Oýun 23.

“Dostluk” – “Almaz”                – 1:2

Oýun 24.

“Görogly” – “Nowruz”             – 8:2

                                                 

Birinjiligiň tablisasy VI tapgyrdan soň:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“Turan”                 (Daşoguz ş.)

6

6

0

0

23-2

18

2.

“Almaz”                (Daşoguz ş.)

6

5

0

1

28-6

15

3.

“Dostluk”          ( S.A.Niýazow etr.)

6

4

0

2

 17-13

12

4.

“Görogly”          (Görogly etr.)

6

3

2

1

12-9

11

5.

“Täze ýol”          (S.A.Niýazow etr.)

6

2

0

4

18-17

6

6.

“Garaşsyzlyk ” (Daşoguz ş.)

6

1

2

3

11-11

5

7.

“Akdepe”              (Akdepe etr.)

6

1

1

4

7-21

4

8.

“Nowruz”            (Daşoguz ş.)

6

0

0

6

8-45

0

Bellik: O-oýun, Ý-ýeňiş, D-deňlik, U-utulyş, T-toplar, U-utuk

Indiki duşuşyklar:

VII tapgyr:

Oýun 25.

09.07.2020.

“Garaşsyzlyk” – “Täze ýol”     

Oýun 26.

10.07.2020.

“Dostluk” – “Görogly”           

Oýun 27.

10.07.2020

“Almaz” – “Akdepe”

Oýun 28.

11.07.2020

“Nowruz” – “Turan”

 

Iň köp top geçirenler:

1.

Guwanç Mämedow

“Almaz”  

8 top

2.

Alibek Jumabaýew

“Täze ýol”

8 top

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň