Soňky habarlar

Arhiw

Barselona Espanýoly 2-nji liga ugratdy, şäher derbisiz galdy

11:0409.07.2020
0
744

Ispaniýanyň çempionatynda 35-nji tapgyrda Barselona öz meýdançasynda şäherdeşi Espanýoly 1-0 hasabynda ýeňip, çempionlyk göreşini dowam etdirdi. Katalonlara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 56-njy minutda Luis Suares derwezä girizdi. Bu goldan soň, Luis Suaresiň katalonlaryň düzüminde geçiren gollarynyň sany 195-e ýetip, ol Ladislao Kubaladan öňe saýlanyp, 3-nji orna geçdi.

24 ýyldan soň 2-nji ligada

Barselona derbisinde 1-0 asgyn gelen Espanýol bolsa, 26 ýyldan soň, La Liga bilen hoşlaşdy. Topar soňky gezek 1993-1994 möwsüminde 2-nji ligada oýnan Espanýol geçen möwsüm La Ligany 7-nji orunda tamamlapdy. Espanýol topary 5-nji gezek 2-nji ligada çykyş eder. Mundan soň, geljek möwsümde La Ligada Barselona derbisi bolmaz.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň