Soňky habarlar

Arhiw

Talyplyga dalaşgärleriň lukmançylyk barlagynda geçirilişi barada nämeleri bilýäris?

10:2409.07.2020
0
1719

Şu günler ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okuwa girmek isleýän dalaşgärleriň resmi iş kagyzlaryny kabul etmeklik dowam edýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2020-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýänleriň, ýagny ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýän dalaşgärleriň lukmançylyk gözegçiliginden şu ýylyň 6-njy iýulyndan 19-njy iýul aralygynda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň berkidilen saglyk öýlerinde geçirilýär. Bu işler barada Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýüniň baş lukmany Maýa Ataýewa gazetiň habarçysyna şeýle gürrüň berdi:

— Her ýylda bolşy ýaly, bu jogapkärli möwsüme öňünden taýýarlykly geldik. Okamak, bilim almak isleýän ýaşlaryň resminamalaryny kabul etmek möwsümine badalga berlen gününden bäri kärdeşlerimiz ir ertirden giç agşama (ir sagat 8-den agşam 20-ä çenli) arakesmesiz işläp, dalaşgärleriň saglyk ýagdaýyny doly barlagdan geçirýärler. Aşgabat şäherinde ýaşaýanlar Talyplar saglyk öýünde barlagdan geçýärler. Olar üçin düşnükli bolar ýaly, lukmanlaryň otaglary we kepilnama berilýän ýerler anyk ýazgylar arkaly görkezildi. Şonuň esasynda dalaşgärler bir günüň dowamynda hem özlerine gerekli ýollanma hatyny alýarlar.

— Maýa Allagulyýewna, dalaşgärleriň saglyk kepilnamasyny almak üçin, saglyk ýagdaýynyň barlagy nähili tertipde geçilýändigini aýdaýsaňyz!

— Dalaşgär, ilki bilen, okuwa ukyplylygy barada kepilnama açdyrmaly. Onsoň barlaghana baryp, ganyň, peşewiň we peşewiň neşe serişdesine umumy barlagyndan geçmeli. Soňra flýuorografiýa otagyna baryp, döş kapasasynyň şöhle bilen anyklaýyş barlagyndan geçmeli. Şu ýyl Talyplar saglyk öýünde täze rentgen enjamynyň bolmagy dalaşgärleriň şöhle bilen anyklaýyş barlagynyň netijesiniň dessine taýýar bolmagy, ýagny dalaşgärleriň bir günde saglyk ýollanma hatyna almaga mümkinçiligiň döredilendigini-de belläsim gelýär.

— Häzirki günde saglyk kepilnama almaga gelýän ýaşlar örän köp. Şolaryň ählisini bir günde kabul etmäge mümkinçilik barmy?

— Elbetde, lukmanlar toparynyň ýaşlary saglyk gözegçiliginden geçirmäge, ýagny olaryň ählisini kabul etmäge mümkinçiligi bar. Munuň üçin bu möwsüme öňünden taýýarlyk görüldi. Günde 1 müň, hatda ondan hem köp dalaşgärleri kabul etmäge mümkinçilik bar. Munuň üçin Talyplar saglyk öýüniň agzybir işgärleri ir ertirden giç agşama çenli ýaşlaryň hyzmatynda bolup, olara saglyk hakynda kepilnama almaga ýardam edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň