Birinji liga ― 2020, Lebap zolagy: «Derýaçy» ýaryşyň başyna geçdi

10:0109.07.2020
0
936

Düýn Türkmenabat şäherindäki «Demirýolçy» stadionynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Birinji ligasynyň Lebap welaýaty boýunça zolak ýaryşynyň 3-nji tapgyrynyň senesi süýşürilen oýny geçirildi. Duşuşykda Lebap welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebiniň «Garagum» futbol topary «Derýaýollary» önümçilik birleşiginiň «Derýaçysyny» kabul etdi. «Garagumyň» futbolçylarynyň aglabasynyň ýaşlaryň arasynda geçirilen ýurdumyzyň çempionatyna gatnaşandygy sebäpli, toparyň «Demirýolçy» we «Derýaçy» bilen geçirilmeli duşuşyklary başga bir güne süýşürilipdi.

Düýnki duşuşykda «Derýaçy» gazrşydaşyny 9:3 hasabynda ýeňdi we 13 utuk bilen ýaryş tertibiniň birinji basgançagyna çykdy. Jemi 12 pökgi geçirilen duşuşykda «Derýaçydan» Azamat Açylow bilen Ýusup Nurmämmedow üç gezek tapawutlandy. Toparyň beýleki pökgülerini bolsa dürli ýyllarda Ýokary liganyň «Altyn asyr», «Merw» ýaly toparlarynda çykyş eden tejribeli futbolçy Umidjan Astanow, Muhammet Jumakulyyýew we Ikram Nyýazow dagylar geçirdiler.

«Garagumyň» gollarynyň biri Arslan Priýewe, galan ikisi bolsa, Adylbek Rawşanowa degişli.

Duşuşykdaky het-trigi bilen «Derýaçynyň» futbolçysy Azamat Açylow mňwsümde geçiren pökgüleriniň sanyny 6-a çykaryp, netijeli futbolçylaryň sanawynyň başyna geçdi.

Birinji liganyň Lebap zolagynyň duşuşyklary 10-njy iýulda badalga beriljek 6-njy tapgyryň duşuşyklary bilen dowam eder. Şol gün «Çärjew» bilen «Amyderýa» duşuşar. 11-nji  iýuldaky duşuşyklarda bolsa «Köpetdag-Lebap» «Garagumy», «Miras» «Faraby» kabul eder. Tapgyryň esasy duşuşygy 12-nji iýulda geçiriler. Şol gün ýaryşyň öňdebaryjylary «Derýaçy» bilen «Demirýolçy» möwsümde ilkinji gezek biri-birini synaga salar.

3-nji tapgyryň duşuşygyndan soňra ýaryş tertibi:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“Derýaçy”

5

4

1

0

23-12

13

2.

“Demirýolçy”

4

4

0

0

12-4

12

3.

“Çärjew”

5

3

0

2

19-7

9

4.

“Miras”

5

2

0

3

12-14

6

5.

“Garagum”

4

2

0

2

13-15

6

6.

“Amyderýa”

5

1

2

2

7-13

5

7.

“Farap”

5

1

1

3

11-18

4

8.

“Köpetdag”

5

0

0

5

9-23

0

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň