Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Türkiýe ulag boýunça hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

22:1308.07.2020
0
9838

Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşindäki gepleşikleriniň çäklerinde dünýä ykdysadyýetiniň wajyp bölekleriniň biri bolan ulag ulgamyndaky döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, çäk taýdan örän amatly ýerleşýän goňşy döwletler bu ugurda ägirt uly kuwwata eýe bolup, ony durnukly ykdysady ösüşi, iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak we halkara söwda gatnaşyklaryny berkitmek üçin ulanmaga çalyşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamyny döretmek we täze döwrüň talap edýän ulag geçelgelerini kemala getirmek baradaky başlangyçlaryny uzakmöhletleýin goldamak bilen, türkiýeli hyzmatdaşlar deňhukukly esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, wideoduşuşygyň çäklerinde taraplar hereket edýän ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we pudak üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, şonuň ýaly-da, sebit hem-de global çäklerde netijeli hyzmatdaşlygy we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat edýän bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň