Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýurtdaky heläkçilik zerarly Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

22:0808.07.2020
0
8783

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abä Ýaponiýanyň günorta sebitinde bolup geçen giň gerimli suw joşguny we süýşgünler netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz halkyň, Hökümetiň, şeýle hem öz adyndan şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

8-nji iýulda Ýaponiýanyň Kýusýu adasynda güýçli ýagyş ýagdy, sebitdäki iki derýa hanasyndan aşyp, suw joşguny we süýşgünler emele geldi. Köpçülikleýin metbugat serişdeleriniň ýazmagyna görä, 57 adam aradan çykdy, 17 adam bolsa dereksiz ýitdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň