Realmy ýa-da Barselona?!

19:4408.07.2020
0
566
Realmy ýa-da Barselona?!

Ispaniýanyň çempionatynda çempionlyk ugrunda ýiti göreş dowam edýär we ýene-de azyndan 10 günden galagoply geçen möwsümiň çempiony belli bolar. Häzirlikçe 4 utuk öňde barýan Real Madrid ezeli bäsdeşi Barselona garanyňda, bir ädim öňräkde hasaplanýar. Iki toparyň ýene-de 4 duşuşygy bolup, olaryň hiç biri-de çempionatyň uly toparlary däl. Iki topar hem 2 duşuşygyny öz meýdançasynda geçirse, ikisini myhmançylykda oýnarlar. Barselona şu gün öz meýdançasynda Barselona derbisinde iň aşaky orunda barýan şäherdeşi Espanýoly kabul eder. Eger şu günki oýunda Espanýol ýeňiş gazanyp bilmese, onda olar ençeme ýyldan soň, çempionatda galmak mümkinçiligini ertir oýnaljak Eýbar–Leganes duşuşygyna bagly bolmak bilen bir hatarda elden giderer.

Soňky tapgyrlarda Ramosyň penalti gollarynyň kömegi bilen gazanýan Real 35-nji tapgyrda anna güni Madridde Alawes bilen duşuşar. Alawes hem ligada galmak üçin göreş alyp barýan toparlaryň biri bolup, näçe ir arkaýynlaşsa özleri üçin gowy boljakdygyny bilýär.

36-nji tapgyrda iki topar hem myhmançylykda ligadan düşmek howpy bolmaýan klublar bilen duşuşarlar. Real Granada bilen, Barselona-da Walýadolid bilen güýç synanyşar. Eger-de toparlar 35-36-njy tapgyrlary ýeňiş bilen tamamlasalar, 15-nji iýulda oýnaljak we ähli duşuşyklary bir wagtda başlanjak 37-nji tapgyrda çempion belli bolup biler. Eger şol gün Reala öz meýdançasynda Ýewropa ligasyna hatda, Çempionlar ligasyna-da synanyşýan Wilýarrealy ýeňmek başartsa, onda madridliler 19-njy iýulda geçiriljek soňky tapgyrdan öň 34-nji çempionlygyny yglan ederler.

Mahlasy çempionlyk ugrunda ýiti göreş azyndan 3 tapgyrda dowam eder we häzirlikçe Real garşydaşyndan bir ädim öňde. Galanyna-da biz janköýerlere sabyrsyzlyk bilen garaşaýmak galýar...    

 

Realyň galan duşuşyklary                                 Barselonanyň galan duşuşyklary

Alawes (ö)                                                            Espanýol (ö)

Granada (m)                                                         Walýadolid (m)

Wilýarreal (ö)                                                        Osasuna (ö)

Leganes (m)                                                         Alawes (m)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň