Soňky habarlar

Arhiw

Barselonanyň geçiren gollarynyň 10 göterimi Lionel Messiň paýyna düşýär.

17:1808.07.2020
0
812

Ispaniýanyň La Ligasynda Barselona topary Wilýarrealdan 4-1 üstün çykypdy we duşuşykda Ansu Fati katalonlaryň taryhyndaky 9000-nji goluny derwezä girizipdi. 111 ýylda hasaba alnan 9000 goluň ýene-de näçe ýyldan 10000 müňe ýetjekdigi belli däl. Megerem 7-8 ýyldan ýetseler gerek. Taryhy klubda şu wagta çenli ýüzlerçe futbolçy çykyş etdi. Ýöne şolaryň  hiç biri-de super ýyldyz Messiniň görkezijilerine ýetip bilmedi. Barselonanyň şu wagta çenli ähli ýaryşlarda geçiren 9000 golunyň gönüden-göni 905-si Lionel Messä degişli. 630 gol geçirip, 275 goluň asistini eden (pasyny beren) Lionel Messiniň bu görkezijisi 10 göterime deň bolýar. Bu bolsa taryhy gýrkeziji hasaplanýar. Häzirki wagtda Lionel Messi Barselona toparynyň iň netijeli oýunçysy bolup, ol 630 gol bilen 1-nji hatarda barýar. 2-nji ýerde 232 gol bilen Sezar Rodriges barýar. 194 gol geçiren Laslo Kubala bilen Luis Suares 3-4-nji orunlary paýlaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň