Türkmenabat ― 2 stansiýasynda işler 110 göterim ýerine ýetirildi

15:2308.07.2020
0
707

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenabat böleginiň 19-njy şahamçasyna degişli bolan Türkmenabat — 2 stansiýasynda ýylyň birinji ýarymynda göz öňünde tutulan işler 110 göterimi berjaý edildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

 Bu ýerde zähmet çekýän hünärmenleriň esasy wezipesi dürli ugurlar boýunça gelen otlulary kabul edip almak, degişli ugurlary boýunça bölmek we ugratmak bolup durýar. Stansiýadaky öndümli zähmet bellenen borçnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine şert döredýär.

Bu işler stansiýanyň çäginde umumy uzynlygy 7 müň 100 metre barabar bolan 3 sany demir ýol bölegi arkaly amala aşyrylýar. Stansiýada ýolbeletleriň dynç almagy we indiki gatnaw ugruna taýýarlanmaklary üçin hem ähli şertler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň