Soňky habarlar

Arhiw

Gökdepedäki «Türkmendemirbetonönümleri» kärhanasynda alty aýda 90 million manatlyga golaý iş edildi

15:1108.07.2020
0
632

Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän «Türkmendemirönümleri» kärhanasynda geçen alty aýyň dowamynda 89 million 850 müň 93 manatlyk demir önümleri öndürildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Munuň özi kärhanada önüm öndürmekde 123,42 göterim ösüşiň gazanylandygyny görkezýär.

Ýylyň degişli döwründe kärhanada öndürilen dürli ölçegdäki, ýokary hilli demir önümleri şertnamalar esasynda Diýarymyzda giň möçberde alnyp barylýan gurluşyklara bökdençsiz ugradyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň