Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri «Egmontyň» duşuşyklaryna gatnaşdylar

23:4907.07.2020
0
8616

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri şu günler wideomaslahat görnüşinde «Egmont» toparynyň iş we sebit düzümleriniň duşuşyklaryna gatnaşdylar. «Egmont» topary maliýe aňtawçylyk gulluklarynyň (MAG) bütindünýä bileleşigi bolup durýar ― diýip, TDH habar berýär.

Bu toparyň maksady jenaýatçylykly ýollar bilen gazanylan pullary kanunylaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşde MAG bilen netijeli gatnaşyklar üçin meýdançany üpjün etmekden hem-de degişli milli maksatnamalary goldamaga we durmuşa geçirmekden, şol sanda maliýe maglumatlarynyň alşylşyny giňeltmekden, işgärleriň hünärini ýokarlandyrmakdan, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly gatnaşyklaryň ugurlaryny pugtalandyrmakdan we beýlekilerden ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, jenaýatçylykly ýollar bilen gazanylan pullary kanunylaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmegiň milli ulgamynyň esaslaryny pugtalandyrmak, degişli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanda toplumlaýyn işleriň geçirilýändigini bellemelidiris.

Bu işde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň oktýabrynda döredilen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Maliýe gözegçiligi gullugyna möhüm orun degişlidir. Ýöriteleşdirilen düzümler bilen bilelikde, onuň işgärleri öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýärler.

Bu ugurda Türkmenistanyň 2010-njy ýylda jenaýatçylykly ýollar bilen gazanylan pullary kanunylaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek boýunça Ýewraziýa toparynyň düzümine girmegi möhüm ädim boldy. Munuň özi ýurdumyzyň jenaýatçylykly ýollar bilen gazanylan pullary kanunylaşdyrmaga garşy göreşmegiň maliýe çärelerini işläp taýýarlamak boýunça halkara topary we şu ulgamdaky beýleki guramalar bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge-de ýardam etdi.

Türkmenistan möhüm halkara resminamalarynyň birnäçesine, şol sanda BMG-niň transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga we korrupsiýa garşy Konwensiýalaryna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna berk ygrarlydygyny görkezýär.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyz dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna goşulyşmak ugruna ynamly eýerip, ählumumy wehimlere hem-de howplara garşy göreşmekde geljekki umumy tagallalary utgaşdyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeleri çözmek ugrunda çykyş edýär we bu ugurda anyk ädimleri ädýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň