Soňky habarlar

Arhiw

Ýarym milliard dollarlyk şertnama

17:3107.07.2020
0
744

Amerikan futboly ligasy NFL-iň soňky çempiony Kanzas Siti Çifs toparynyň pleýmeýkeri Patrik Mahomes kluby bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy. Ol topary bilen 2031-nji ýylyň başyna çenli dowam etjek şertnama gol çekdi. Şol 10 ýyllyk şertnama üçin Patrik Mahomes azyndan 450 million dollar hak alar. Bu barada taraplar resmi maglumat bermese-de, käbir çeşmelerde töleg mukdarynyň goşmaçalar bilen bilelikde 503 million dollara çenli hem baryp ýetjekdigi habar berilýär. Şertnamada oýunçynyň şikes alan ýagdaýynda-da azyndan 142 million dollar pul aljakdygy kepillendirilýär.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň