Soňky habarlar

Arhiw

Kompýuterli, ABS duruzyjyly welosiped

14:2807.07.2020
0
1312

Awtoulaglar üçin ýokary tehnologiýaly ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýän we howpsuzlyk çözgütlerini hödürleýän “Bosch” kompaniýasy innowatiw welosipedini tanyşdyrdy. Nusgalyk görnüşde taýýarlanan welosiped kompýuter we ABS duruzyjy ýaly ýokary tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilipdir. Şäherde we ýolsuz ýerlerde sürmäge niýetlenen ulag rahatlygy bilen tapawutlanýar. “eBike Design Vision” atly welosiped kompaniýanyň “Nyon” atly ulag kompýuteri bilen üpjün edilipdir. Ýeri gelende aýtsak, bu kompýuteriň şu ýylyň ahyrynda köpçülikleýin önümçiligine başlanmagyna garaşylýar. Welosiped tizlik we geçilen ýoly hasaplaýar. Duruzyjy ulgam bolsa, birden durulmaly bolan ýagdaýynda welosipediň deňagramlylygyny saklamagy we ýykylmagynyň öňüni almagyny üpjün edýär. Ulagdaky tok geçiriji, batareýa we beýleki ähli zatlar onuň bölekleriniň içinde ýerleşdirilip, daşyndan seredeniňde goşmaça hiç hili zadyň ýokdugyny görmek bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň