Mourinionyň 200-nji ýeňşi

13:5107.07.2020
0
801

Angliýanyň çempionaty Premýer ligada 33-nji tapgyryň soňky oýnunda Tottenhem öz meýdançasynda Ewertony 1-0 hasabynda ýeňdi. Ýeke-täk goly 24-nji minutda Maýkl Kin öz derwezesine girizdi. Bu ýeňiş Tottenhem toparynyň portugaliýaly tälimçisi Žoze Mourinionyň  Angliýanyň Premier ligasyndaky 200-nji ýeňşi boldy. Tejribeli tälimçi bu ugurda Premier ligada 5-nji hatarda barýar. Sanawyň başyny 528 ýeňiş bilen Ser Aleks Ferguson çekýär. Arsen Wengeriň 476, Harri Rednappyň 236 hem-de Dewid Moýesiň 207 ýeňşi bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň