Soňky habarlar

Arhiw

Buffon Maldiniden öňe geçdi

12:5207.07.2020
0
802

Torino bilen bolan duşuşykda meýdança çykan Ýuwentusyň derwezeçisi Janluiji Buffon ady rowaýata öwrülen goragçy Paolo Maldininiň rekordyny täzeledi. Şeýlelikde, 42 ýaşyndaky derwezeçi Janluiji Buffon 648 duşuşyk bilen Serie A-da iň köp duşuşyk geçiren oýunçy boldy. Ozalky rekord 25 ýyllap Milanyň köýnekçesini geýen Paolo Maldinä degişlidi (647 oýun). Italiýanyň çempionaty Serie A-da Buffon we Maldiniden soň, Françesko Totti (619), Hawier Zanetti (615) hem-de Janluka Paliuka (592) iň köp duşuşyk geçiren futbolçylar sanawynda 3-4-5-nji ýerleri eýeleýärler.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň