Soňky habarlar

Arhiw

40 ýyldan soňra satuwa çykdy

12:3907.07.2020
0
707

Bir milliony satylan ilkinji şahsy kompýuter bolan “VIC-20” 40 ýyldan soňra täzeden satuwa çykaryldy. “Retro Games” atly şereketiň işläp taýýarlan enjamynda hakyky nusgasyndaky programmalaryň ählisi hem-de täze goşulan programmalar bar. Hakykysyna meňzeşligi bilen tapawutlanýan we ýokary hilli materialdan öndürilen enjamyň gapdaly bilen oýun oýnamaga niýetlenen joýstik hem göz öňünde tutulypdyr. Esasan, oýun oýnamaga niýetlenen kiçijik kompýuterde “Arcadia”, “Laser Zone” we “Boulder Dash” ýaly oýunlar özünde gelýär. Daşky şekili 40 ýyl ozalky kompýuteri ýadyňa salýan hem bolsa, kompýuterde HDMI baglanyşygy we beýleki ýokary tehniki aýratynlyklary bar. Täsin kompýuteriň 23-nji sentýabrda  Ýewropa ýurtlarynda satuwa çykaryljakdygy mälim edildi. Sargytlary kabul edilip başlanan enjamyň bahasynyň 110-120 ýewro aralygynda boljakdygy habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň